Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09.2025
44
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Russiýa
bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik
hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir we Siz onuň ösdürilmegine uly goşant
goşýarsyňyz. Biz dostlukly halklarymyzyň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar
sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we
halkara meseleler boýunça bilelikdäki işimizi dowam etdireris.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we
döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak
bilen,
Wladimir
PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
jenap Prezident!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan
etmek meniň üçin uly mertebedir.
Siz ýakynda
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda
hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak
üçin Hytaýa sapary amala aşyrdyňyz. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz dürli
ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdyk hem-de
ylalaşyklary gazandyk. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasynda däp bolan dostluk we
özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň
ugurlaryny kesgitledi. Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns
berýärin hem-de biziň halklarymyzyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi
ykbal bileleşigini” gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge
taýýardyryn.
Size berk
jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Si
SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Prezident, gadyrly doganym!
Doglan
günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size hem-de ýakynlaryňyza
berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýärin.
Halklarymyzyň
umumy dil, taryh we medeni köklerine daýanýan gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň
häzirki wagtda has-da pugtalandyrylýandygyna buýsanýaryn. Bilelikdäki
tagallalaryň netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de
köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde
mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.
Pursatdan
peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňizi doglan günüňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, ýurduňyzyň gülläp
ösüşiniň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen
halkyna bolsa rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.
Rejep
Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
jenap Prezident!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Biziň
aramyzda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soňra, Size tüýs
ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Biziň telefon
arkaly söhbetdeşligimiziň dowamynda biragyzdan belleýşimiz ýaly, 1992-nji ýylda
diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri Koreýa Respublikasy we
Türkmenistan dürli ulgamlarda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli
ösdürýärler. 2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar
özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandan soňra, hyzmatdaşlygyň
gerimi has-da giňeldi we çuňlaşdyryldy. Koreýa Respublikasynyň Merkezi
Aziýadaky esasy hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň geljegi
nazarlap, has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.
Şeýle hem
Size Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere goşant goşmaga
gyzyklanma bildirýän koreý kompaniýalaryna goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk
sözlerini beýan edýärin. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda Koreýa
Respublikasynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa” sammitiniň çäklerinde Siziň
bilen duşuşmak hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça
pikir alyşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Jenap Prezident,
Size berk jan saglyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw
edýärin!
Pursatdan
peýdalanyp, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlarymyzy we
mähirli salamymyzy ýetirmegi haýyş edýärin.
Li Çže
MÝON,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul
ediň! Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk
halkynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurduňyzyň halkara abraýynyň
ýokarlandyrylmagynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin.
Häzirki
wagtda täjik-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk esasynda
ähli ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigine şatdyryn. Pursatdan
peýdalanyp, Täjigistanyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga we giňeltmäge, ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga
gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Bilelikdäki
tagallalaryň netijesinde Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky
gatnaşyklaryň ähli ugurlarda biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine has-da
ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatlamak
bilen,
Emomali
RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Gyrgyzystanyň
halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurduňyz halkara
giňişlikdäki ornuny has-da berkitmek hem-de türkmen halkynyň özboluşly
däp-dessurlaryny aýawly saklamak bilen, ynamly öňe barýar.
Gyrgyzystan
bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara ynama esaslanýan hem-de bilelikdäki ösüşe
daýanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly
ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet
işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak
bilen,
Sadyr
ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan
edýärin.
Azerbaýjan-türkmen
hyzmatdaşlygy gadymy döwürlerden bäri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryny saklap, birek-biregi goldap ýaşap gelen halklarymyzyň hoşniýetli
erk-islegine esaslanýar. Döwletara gatnaşyklaryň hem-de strategik
hyzmatdaşlygyň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine
ynanýaryn.
Şu şatlykly
günde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň
bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Ilham
ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň döwlet Baştutany
wezipesinde alyp barýan asylly işleriňiziň dostlukly Türkmenistanyň
mundan beýläk-de okgunly ösüşini we abadançylygyny üpjün etjekdigine ynanýaryn.
Size we
Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak
bilen,
Aleksandr
LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň
Alyhezretiňiz!
Sizi doglan
günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanda halkyň abadançylyk derejesiniň
ýokarlandyrylmagyna, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine hem-de
halkara giňişlikde abraýynyň belende göterilmegine gönükdirilen düýpli
özgertmeler amala aşyrylýar.
Ermenistanda
Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan
dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Bilelikdäki tagallalar arkaly
biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň halklarymyzyň
bähbidine doly durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn.
Size berk
jan saglyk, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly
halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Tüýs
ýürekden hormatlamak bilen,
Waagn
HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz
bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň
rus-türkmen dostluk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň
pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Ýokary
derejede kabul edilen çözgütler esasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki,
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, dürli ulgamlarda
bilelikdäki iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny giňeltmäge, täze maksatnamalary we
başlangyçlary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmäge taýýardygyny
tassyklaýaryn. Munuň özi Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň bähbitlerine doly
laýyk gelýär. Hemişe açyklyk, oňyn ýagdaýda geçýän duşuşyklarymyzy ýakymly
duýgular bilen ýatlaýaryn. Biziň ynanyşykly we netijeli gatnaşyklarymyzy dowam
etdirmäge şatdyryn.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet
işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Tüýs
ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail
MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň ýadawsyz
tagallalaryňyz netijesinde Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly
öňe barýar. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak
ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar.
Rus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmeginiň iki ýurduň
halklarynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigine,
Merkezi Aziýada, Hazar deňzi sebitinde häzirki döwrüň wehimlerine we
howplaryna bilelikde garşy durmak üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli
döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak
bilen,
Dmitriý
MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Siziň parasatly
baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň okgunly ösüş ýolunda täze belent sepgitlere
ýetjekdigine, dünýä derejesinde eýelän ornuny has-da pugtalandyrjakdygyna
ynanýaryn.
Federasiýa
Geňeşinde Siziň rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy
goşandyňyza, parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegine üýtgewsiz goldawyňyza
ýokary baha berilýär. Biz kanun çykaryjylyk ulgamynda dialogyň mundan beýläk-de
giňeldilmegine gyzyklanma bildirýäris hem-de dürli ugurlarda giň gerimli
taslamalary durmuşa geçirmek, ählumumy we sebit meseleleri, sebitara
hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegi ugur
edinýäris.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk,
Türkmenistanyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde uly
üstünlikleri arzuw edýärin!
Size belent
hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Walentina
MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Size belent hormat
goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Siziň parasatly
baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe
barýar, halkara gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýär hem-de dünýä derejesinde
belent abraýdan peýdalanýar.
Türkmenistan
bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde Astrahan oblastyna yzygiderli
goldaw we üns berýändigiňiz üçin Size çuňňur hoşallyk bildirýärin. Astrahan
oblasty bilen Türkmenistany baglanyşdyrýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan
peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň halkynyň
bähbidine ähli başlangyçlaryňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyny arzuw edýärin.
Tüýs
ýürekden hormatlamak bilen,
Igor
BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siziň
parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan döwletiň durnukly ösüşiniň üpjün
edilmegine, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen
durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy dowam edýär, ýurduňyzyň halkara
abraýy barha ýokarlanýar.
Ýewraziýa
ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýurtlarynda Türkmenistan bilen özara hormat
goýmaga, ykdysady bähbide esaslanýan hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depginine ýokary
baha berilýär. Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan
Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de
üstünlikleri arzuw edýärin.
Bakytžan
SAGINTAÝEW,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.
***
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň
Alyhezretiňiz!
Doglan
günüňiz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň
gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Biribardan Size uzak ömür, berk
jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň döwlet
Baştutany wezipesinde ähli asylly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikler, doganlyk
türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk, Siziň parasatly
baştutanlygyňyzda mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.
Siziň
Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy
kabul ediň!
Siziň
doganyňyz,
Faýsal
bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.
birek-birege düşünişmekde siziň ynamdar hyzmatdaşyňyzdyr!
+993-12-94-19-68 +993-12-94-19-78;
E-POÇTA: tmterjime@sanly.tm
Salgymyz: Aşgabat şäheri, B.Garryýew köçesi, 17-nji jaý.