Terjime sungatdyr
Adamzat
taryhynda terjimeçilik işi ynsanyň ýerine ýetirip başlan işleriniň arasynda iň
gadymylarynyň biri hasaplanylýar.
Sözleýiş dilleri biri-birinden tapawutlanýan adamlaryň toparlary döräp
ugranyndan soňra birek-birek bilen düşünişmek üçin terjimäniň zerurlygynyň ýüze
çykmagy, onuň ýaşaýyş-durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi öz-özünden düşnüklidir. Çünki diňe terjimäniň
üsti bilen aýry-aýry toparlar özaralarynda birek-biregiň hal-ýagdaýyna, durmuş
medeniýetine, isleg-arzuwyna düşünip bilipdir.
Dürli sözleýiş
aýratynlyklaryna eýe bolan adamlaryň
ýardamçylaryna «bilingwler» diýlipdir. Ilki başda dilden terjime edýänler, ýagny
dilmaçlar döräpdir. Soň-soňlar hat-ýazuwyň döremegi netijesinde ýazuw üsti
bilen terjime edýänler hem ýüze çykypdyr. Terjimeçiler islendik döwürde hem iň
arzyly hünäriň eýesi hökmünde sylag-hormata mynasyp bolupdyr.
Dürli
mazmundaky ýazgylaryň, ýagny resmi, dini, işewürlik maksatly terjimeleriň
ähmiýeti örän uly bolupdyr. Dürli dillerde gepleýän adamlaryň özara pikir
alyşmagy, durmuşyň ähli ugurlarynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek terjimeçileriň hyzmatyna bagly bolupdyr.
Ýazuw üsti bilen amala aşyrylýan terjimeler adamlara beýleki halklaryň medeni
ösüşlerini öwrenmäge, dürli halklaryň medeniýetiniň we edebiýatynyň arabaglanyşygyny üpjün etmäge ýardam
beripdir.
Dünýä
edebiýatynyň görnükli wekilleri bolan Gomeriň, Şekspiriň, Danteniň, Gýotäniň,
Tolstoýyň, Magtymgulynyň we beýleki ägirtleriň ajaýyp eserlerini ähli adamzat
üçin düşnükli eden terjime sungatydyr.
Terjime we terjimeçiligiň taryhy
Terjime
adamzadyň iň gadymy hünärleriniň bir görnüşidir. Hatda Platonyň we Demosfeniň
eserlerini terjime eden Siseron, şeýle hem «Şygryýet ylmy» atly traktatda
Gorasiý interpres sözüni «terjimeçi» manysynda ulanypdyr. Şol at Injili terjime
eden Keramatly Ieronim (biziň eramyzyň IV asyry) tarapyndan hem ulanylýar. Orta
asyrlarda monah-terjimeçiler interpres we hermeneuma atlaryny ulanypdyrlar.
Şeýle-de bolsa, eýýäm şol döwrüň ahyrynda bu termin seýrek ulanylýar.
Kitaplary
neşir etmegiň ýüze çykmagy terjimeçilik işlerine itergi berýär. Şeýlelikde häzirki zaman terminleri peýda
bolýar. Terjimeçilik düşünjesi öz gözbaşyny 1539-njy ýyldan alyp gaýdýar we
1540-njy ýylda fransuz gumanisti we terjimeçisi E. Dole traktatlarynyň birine
terjime we terjimeçilik sözlerini goşýar.
***
Häzirkizaman
adamlary haçan-da daşary ýurtly önüm öndürijiniň harydyna oňa ýazylan
gözükdirijini okanda, haçan-da teleýaýlymda şu gün fransuz gazetinde näme
ýazylandygyny öwrenende, haçan-da daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlary bilen
gepleşikler geçirende, ýa-da eline gyzykly bir eseri alanda terjimeçiniň
zähmetinden hökman peýdalanýar.
Biziň
günlerimizde terjimeçileriň zähmetine esasan, tehniki ugurlarda zerurlyk
duýulýar. Dünýädäki terjimeçileriň 70 göterimden gowragy hut şu ugurda işleýär.
1987-nji ýylda «London Computer Integrated Translation GmbH» dünýädäki ýyllyk terjimäniň mukdary 200
million sahypa bolup, oňa zerurlyk her ýylda 15 göterim ösýär diýen maglumaty
berýär.
Bu ösüş azyrak
ýokarlanmak bilen soňky ýyllarda hem ösmegini dowam edýär. Terjime edilýän
tekstleriň aglabasy işewür hat alyşmalardan, dürli görnüşli sarp ediji maglumat
tekstlerinden (görkezmeler, broşýuralar we ş.m.), şeýle hem ylmy-tehniki tekstlerden, şertnamalardan,
tehniki düşündirişlerden ybaratdyr.
birek-birege düşünişmekde siziň ynamdar hyzmatdaşyňyzdyr!
+993-12-94-19-68 +993-12-94-19-78;
E-POÇTA: tmterjime@sanly.tm
Salgymyz: Aşgabat şäheri, B.Garryýew köçesi, 17-nji jaý.