Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş
saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy
meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna
degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze
şäherde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha güýçlenýär.
Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen döwrebap şäherde giň möçberli
şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň
aýdyň beýanydyr.
Milli Liderimiz
ähli ugurlar boýunça halkara derejeli güwänamalara mynasyp bolan täze şähere
gelip, ilki bilen, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman
desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki
döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler
döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam edýär.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy
meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly
kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg
aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly
desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň
umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze
seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de
olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.
Mälim bolşy
ýaly, täze şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda
bu ýerde halyçylyk kärhanasyny gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt kabul
edildi. Ol türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň,
halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş
orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Haly kärhanasy täze
şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, eli çeper
zenanlaryň zähmetinden türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň
dokalmagynda mynasyp orun eýelär.
Gahryman
Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini
aýtdy. Aýratyn-da, täze kärhananyň daşky bezeginde häzirki zamanyň sanly
tehnologiýalary netijeli ulanylmalydyr. Şunda yşyklandyryş ulgamynyň täzeçil
usullaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde haly
kärhanasynyň daşky bezeginde türkmen halkynyň dünýä nusgalyk milli
ýörelgeleriniň ulanylmagy, şunda paýhasly pederlerimiziň aýratyn ähmiýet beren
dagdan agajy, üzärlik ýa-da beýleki keramatly hasaplanýan serişdeleriň, milli
keşdeçilik sungatynyň esasy nyşany bolan “goçak” nagşynyň peýdalanylmagy
maksadalaýyk bolar diýip, Milli Liderimiz belledi we bu ugra degişli meseleleri
içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Bellenilişi
ýaly, bu ýerde haly kärhanasynyň bina edilmeginde çuňňur many bar. Haly
sungatynyň ösdürilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir.
Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk kärhanasynyň binagärlik aýratynlygyna,
enjamlaşdyrylyşyna bolşy ýaly, onuň daşky bezegine-de hemmetaraplaýyn, milli
binagärlik ýörelgeleri esasynda çemeleşilmelidir. Täze şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli
işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtlaryňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur
şertleriň döredilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz halyçylaryň arakesme
pursatlarynda rahat dynç almaklary, olaryň dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine
ýetirmekleri babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulmagy
göz öňünde tutulýan seýilgähiň taslamasy, onda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän
şekiller bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri
girizdi. Aýratyn-da, seýilgähiň çäklerinde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň
ýaramlylyk derejesine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi adamlaryň amatly dynç
alşynyň wajyp şerti bolup durýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýol-ulag düzümine degişli
desgalaryň, aýratyn-da, gatnaw ýollarynyň çatrygynda oturdyljak özboluşly
binalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele
getirmelidigine ünsi çekdi. Şunda halkalaýyn aýlawly ýollaryň ýanaşyk
ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň ýokary derejede
bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz bu ýerde goýuljak mermer
we granit daşlarynyň reňkleriniň desganyň yşyklandyryş ulgamy bilen
sazlaşmalydygyny belledi hem-de bu işleriň binagärlik, ekologiýa babatda
halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheriniň häzirki zaman derejesine
laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Arkadagymyz
täze şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi.
Şunda dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylmalydyr.
Şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli
bolmalydyr we bu meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi
G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde
Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz ähli ugurlarda bolşy ýaly,
medeniýet ulgamynda-da halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine
öwrüldi. Arkadag şäherinde nobatdaky Wena balyny geçirmek baradaky çözgüdiň
kabul edilmegi bolsa täze şäheriň dünýä ähmiýetli dabaralaryň geçirilýän
merkezi hökmündäki derejesini tassyklaýar.
Iş maslahatynyň
dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri
boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda
ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänamanyň ýakyn
günlerde Arkadag şäherine gowşuryljakdygy barada habar berildi. Munuň özi
ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan ýurdumyzda bedewleriň arassa
ganlylygyny saklamak, olary milli seýisçilik däpleri esasynda idetmek we
atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende
götermek babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň
aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna
gatnaşmaga çagyrylandygy barada aýdyp, şeýle ýokary derejeli maslahatlara
gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin
Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyny ýetirmegi Gahryman
Arkadagymyzdan haýyş etdi. Häzirki wagtda bu sapara ýokary derejede taýýarlyk
görülýär. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda
ekologiýa, “akylly” şäher konsepsiýasy, lukmançylyk we oba hojalyk
klasterlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ýaly meseleler ara alnyp
maslahatlaşylar. Bu iri maslahatda Arkadag şäheriniň maýa goýum maksatnamasy,
maslahat beriş ulgamy we ynsanperwerlik goldawlary ýaly ugurlar boýunça pikir
alyşmalar hem bolar.
Şeýle-de
maslahatyň dowamynda täze şäherde alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly
seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk, Arkadag
şäherindäki giň möçberli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda
edilýän tagallalar barada hasabatlar berildi.
Gahryman
Arkadagymyz täze şäherde geçiriljek halkara çärelere, şol sanda Bitaraplyk
baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede
bolmalydygyny belläp, meýilleşdirilen çärelerde Arkadag şäheriniň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, bu ýerde alnyp barylýan işleriň geriminiň
we ähmiýetiniň, şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny
aýtdy. Aýratyn-da, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň
ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilendigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak
çäresine, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna ýokary derejede
taýýarlyk görülmelidir. Bütindünýä pul gaznasynyň Arkadag şäheriniň mundan
beýläk-de ösdürilmegine, onuň çäklerinde tutuş dünýä ähmiýetli önümçilik
toplumlarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge uly gyzyklanma
bildirýändigi aýdyldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň ýokary ekologik derejesiniň,
bu ýerde ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylýandygynyň
ykrarnamasydyr.
Arkadag
şäheriniň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy, şeýle hem ýakynda Koreýa
Respublikasynda geçirilen halkara sergide täze şähere ýokary derejeli
baýraklaryň ýene-de üçüsiniň gowşurylmagy bu ýerde alnyp barylýan işleriň dünýä
giňişliginde hemmetaraplaýyn ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Şular
barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky
maslahatynda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň derejesiniň we
ähmiýetiniň doly görnüşde beýan edilmelidiginiň, onda ýaýbaňlandyrylan
özgertmeleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine, ýokary halkara görkezijilere
laýyk amala aşyrylmalydygynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri täze şäherde gurulýan desgalaryň gurluşygynda we olaryň timarlaýyş,
bezeg işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol
serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik, bezeg ýagdaýlaryny nazara
almak bilen, olaryň berkligi, amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip
alynmalydyr. Şeýle hem Arkadag şäherinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde,
şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda ähli ugurlar boýunça gazanylýan
üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
birek-birege düşünişmekde siziň ynamdar hyzmatdaşyňyzdyr!
+993-12-94-19-68 +993-12-94-19-78;
E-POÇTA: turkmentranslation@gmail.com
Salgymyz: Aşgabat şäheri, B.Garryýew köçesi, 17-nji jaý.